Haj kitaby: Bu gysgaça makala, hajyň we umranyň görnüşlerini, oňa degişli meseleleri we onuň nähili dogry edilişi barada öz içinde jemländir.
Bu bolsa, ýedi baby öz içine alýandyr:
Birinji bap: Haj etmeklik babyna giriş
Bu bolsa aşakdaky meselelerden ybaratdyr:
Birinji mesele: Haj etmeklik sözüniň açyklamasy:
Hajyň dil taýdan manysy: “Gönükmek” diýen manyny berýär.
Şerigat taýdan manysy bolsa: “Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde gelişi ýaly, Allaha ybadat edýän diýen niýetiň bilen, haj etmeklik üçin ýörüteleşdirilen ýerde we belli bir wagta, hajyň amallaryny berjaý etmek”.
Ikinji mesele: Haj etmekligiň hökümi we mertebesi:
1. Haj etmekligiň hökümi: Haj, yslamyň bäş rüküniniň biridir we paryzlaryňda beýigidir, bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Ýoluna güýç ýetirenleriň (Allanyň) öýüne haj etmegi ynsanlaryň Allanyň öňündäki borjudyr. Kim (hajy) inkär etse, kapyr bolar. Takyk, Alla Baýdyr, älemjahandaky (hiç zada mätäç däldir)” Äli-Ymran: 97.
Ýene bir aýatda şeýle diýýär: “Alla üçin haj (parzyny) we umra (zyýaratyny) berjaý ediň!” Bakara: 196.
Sünnetden delil bolsa, Abdulla ibni Omaryň –Alla olardan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Yslam bäş zadyň üstünde dikeldilendir,…”, olaryň biride haj etmekdir.
Şübhesiz, her bir başarýan adama, ömründe bir gezek, haj etmekligiň wajypdygyna, bütin yslam alymlary bir agyzdan ylalaşandyrlar.
2. Mertebesi: Haj etmekligiň mertebesini açyklaýan, hadyslar kändir, şolardan biri:
Ebu hureýräň –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysydyr:
“Umra bilen umranyň aralyklary günä-ýuwujylykdyr, kemçiliksiz edelen hajyň ejiri bolsa, diňe jennetdir”[1].
Başga bir hadysda Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Kimde kim Allanyň razylygy üçin haja gidip, towaf etse, şol döwürde gödek we ýaramaz sözlerden saklansa, Alla tagala garşy çykmasa, edil ejesiniň dogran günündäki ýaly bolup, günälerden arassalanar”[2].
We başgada şulara megzeň hadyslar bardyr.
Üçünji mesele: Hajy ömrüňde bir gezekden köp etmeklik wajypmy?
Hajy, diňe ömrüňde bir gezek etmeklik wajypdyr, birden köp etmeklik, diňe artykmaç sogapdyr, muňa delil, Ebu hureýre –Alla ondan razy bolsun- çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär:
“Eý, adamlar! Takyk Alla tagala size haj etmekligi parz etdi, hajyňyzy berjaý ediň, olardan birisi aýtdy: Eý, Allanyň resuly, ony her ýyldamy? Soňra Ol aýtdy: Eger hawa diýen bolaýsam, wajyp bolardy, ýöne siz ony, başarmazdyňyz”[3], we-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemdemedinä hijret edeninden soňra, diňe bir gezek haj edipdi, we-de şübhesiz, her bir başarýan adama, ömründe bir gezek, haj etmekligiň wajypdygyna, bütin yslam alymlary bir agyzdan ylalaşandyrlar. We şol sebäpli, kimde aşakdaky agzaljak şeritler tapylsa, borjuňy berjaý etmeklik üçin howlukmalydyr, we hiç bir sebäpsiz gijikdirmeklik, günädir, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýen: “Haj üçin howlukyň, çünki size näme zadyň döwet boljakdygyny bilýän dälsiňiz”[4].
We ýenede bir, kabul ediljek derejedäki hadysda şeýle diýilýär: “Kim-de kim başaryp duran halatynda haj etmese, onda ol, eger islese ýehudilykda ölsün, we eger islese hrystiýanylykda ölsün”.
Dördinji mesele: Hajyň şertleri:
Hajyň wajyp bolmagyna, bäş şert gerekdir:
1. Yslam: Kapyr adama haj etmeklik wajyp däldir, we eger-de ol, haj edäýsede, hajy kabul däldir, çünki ybadatyň dogry we kabul bolmagyna, yslamda edilmekligi şertdir.
2. Akyl: Mejnuna haj etmeklik wajyp däldir, we eger-de ol, haj edäýsede hajy kabul däldir, çünki akyl, buýrygy berjaý edilmegiň şertidir, we mejnun bolsa, buýrylanlaň içine girýän däldir, we tä aklyna gelinjä, üstünden ýazgy galamy göterlendir, edil Alyň –Alla ondan razy bolsun- hadysynda gelişi ýaly, çünki Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Üç görnüşli adamdan, galam göterlendir: ýatan adam, tä turynça, kiçi çaga, tä ýetginjek ýaşa ýetinçä, mejnun, tä akly ýerne gelinjä”[1].
3. Ýetginjeklik ýaşyna ýetmek: Kämillik ýaşyna ýetmedik çaga, haj etmeklik wajyp däldir, çünki ol, buýrylrnlryň hasabyna girmän, ondan tä kämillik ýaşyna ýetinçä, üstünden galam göterlendir, geçenki hadysda agzalşy ýaly: “Üç görnüşli adamdan, galam göterlendir,…”, ýöne eger-de ol, haj edäýse, onuň hajy kabuldyr, we ol ybadat bilen adaty saýgaryp bilmeýän bolsa, onda onuň jogapkärçisi, onuň ýerine niýet etse bolýandyr, we-de onuň eden hajy, bütin alymlaryň ylalaşmagynda, yslam hajynyň ýerini tutýan däldir, muňa delil, Abdulla ibni Abbasyň –Alla olardan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda, bir aýal çagasyny göterip şeýle diýýär: “Eý, Allanyň resuly, şuňada haj etse bolýamy? diýip soranda, Ol aýtdy: Hawa, saňada sogap beriljekdir”[2].
Ýene başga bir hadysda Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Haýsyda bolsa bir çaga haj etse, soňra kämillik ýaşyna ýetse, oňa täzeden haj etmeklik wajypdyr, we haýsyda bolsa bir gul haj etse, soňra ony azatlyga boşadylsa, oňa täzeden haj etmeklik wajypdyr”[3].
4. Azatlyk: Gul adama haj etmeklik wajyp däldir, çünki ol, özüniň zady bolman, eýesiniň hasabyna ýaşaýandyr, ýöne eger-de ol, eýesiniň rugsady bilen, haj edäýse, hajy kabuldyr. Şübhesiz, gul adam, gul wagtynda haj etse, soňra ony azatlyga çykarylsa, bütin alymlary ylalaşmagynda, täzeden haj etmeklige ýol tapsa, yslam hajyny etmeklik, oňa wajypdyr, we-de onuň gul wagtyndaky eden hajy, onuň ýerini tutýan däldir, muňa Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- geçenki hadysy delildir:
“Haýsyda bolsa bir gul haj etse, soňra ony azatlyga boşadylsa, oňa täzeden haj etmeklik wajypdyr”.
5. Başarmaklyk: Muňa delil Alla tagala şeýle diýýär: “Ýoluna güýç ýetirenleriň (Allanyň) öýüne haj etmegi ynsanlaryň Allanyň öňündäki borjudyr” Äli-Ymran: 97.
Mal sebepli gidip başarmaýan, megerem, özüne gerekli harajatlaryna we taşlap gitjek maşgalasyna ýeterlikli maly bolmazlyk, ýa-da mekkä gidip-gelmeklik üçin ýol ulagy bolmazlyk.
Ýa bolmasa sagdynlyk sebäpli, gidip başarmazlyk, megerem, uly ýaşly adam, ýa-da hassa halynda bolup, ulaga minip başarman, sapar etmeklik oňa agyr bolsa, ýa-da haja alyp barjak ýol, asuda bolman, megerem, ýol kesereleriň, ýa-da keseliň we şoňa megzeş zatlaryň bolmaklygynda, haj eduwjy, özünden we malyndan goruksa, onda oňa, tä şol zatlar aýyrylýança, oňa haj etmeklik wajyp däldir, çünki bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
“Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz)” Bakara: 286, başarmazlyk hem, güýç ýetmezlikdendir, we ýene-de şol başarmaklykdan: aýal maşgalanyň ýanynda mahram adymyň bolmaklygydyr, çünki oňa, haj saparyna we beýleki saparlara, mahramsyz gitmeklik gadagandyr, muňa delil, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär:
“Allaha we kyýamat gününe iman eden aýal maşgala, iki günden köp sapar edişlige, ýanynda kakasy, ýa-da ogly, ýa-da adamsy, ýa-da dogany, ýa-da mahramlaryndan biri bolmazdan, sapar etmeklik, oňa halal däldir”[1], ýene başga bir hadysda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýän adama: çünki aýalym haj etmeklik üçin çykdy, menem söweş etmeklik üçin ýazyldym diýende, oňa şeýle diýen: “Ýola düşde, maşgalaň bilen haj et”[2].
Eger-de aýal maşgala, bimahram bolup haj etse, onuň hajy dogrydyr, we ony etmekde günäkärdir.
Bäşinji mesele: Umra etmekligiň hökümi we oňa deliler:
Başarýan adama, ömründe bir sapr umre etmeklik, wajypdyr, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Alla üçin haj (parzyny) we umra (zyýaratyny) berjaý ediň!” Bakara: 196, hadysdan delil bolsa, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemden- Aýşa –Alla ondan razy bolsun- sorap şeýle diýýär: “Aýal maşgalalara jihäd etmeklik ýazyldymy?” Ol aýtdy:
“Hawa, olara uruş edilmeýän jihäd ýazyldy: haj we umra etmeklik”1, ýene bir hadysda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemden- Ebu rozin diýen sahaba, kakasyny haj, umra we ýerinden bytnap bilmaýänligini aýdanda, Ol aýtdy: “Kakaň ýerine, hajyny we umrasyny et”[2].
Umranyň üç rüküni bardyr: ihram geýmek, towaf (aýlanma) we saý (ýorgalama).
Altynjy mesele: Haj we umra etmeklik üçin, daşyndan geýänleriň, ihrama girýän ýerleri:
“Mikot” sözüniň dil taýdan manusu: “çäk” diýmekdir.
Şerigat taýdan manysy: ybadat ediljek, belli bir ýer, ýa-da onuň wagty, we şelelikde çäklendirilmeklik ikä bölünýär: wagt çäkligi we ýer çäkligi.
Emme haj we umra üçin, wagt çäkligi:
Elbetde umrany, ýylyň haýsy wagtynda etseň hem bolýandyr.
We emma haj bolsa, ýöriteleşdirilen wagtdan başga wagtda, hajyň amallaryny etmeklik dogry däldir, bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Hajyň (wagty) belli aýlardyr” Bakara: 197, we ol aýlar bolsa: Şewwäl (baýram aýy), zul kygda (boş aýy), zul hyjja (gurban aýy).
Emma haj we umra üçin, ýer çäkligi: Haj we umre eduwjy üçin, ihram geýmeklik üçin, çäklendirilen ýerdir. Çünki Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellem- ibni Abbasyň –Alla olardan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda, ony beýan edip şeýle diýýär: “Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellem- Medinäň ýaşaýjylaryna, “zulhuleýfe” diýen ýeri, we Şäm ilinde ýaşaýanlara, “juhfa” diýen ýeri, we Nejd ilinde ýaşaýanlara, “karn al-menäzil” diýen ýeri, we Ýemen ilinde ýaşaýanlara, “ýelemlem” diýen ýeriler, şolar üçin we kim-de kim haj we umra isläp şol tarapdan gelenler üçindir, we kimiň ýeri, ondan bärde bolsa, onda ol, öz ýerinden, we Mekge ýaşaýjylary hem Mekgedendir, diýip çäklendirdi”[3].
Kim-de kim ihram geýmezden, şol ýerlerden geçseler, başarýan bolsa, täzeden yzyna dolanyp, ihramyny geýmelidir, we eger-de dolanyp başarmasa, onda onuň boýnuna, damak çalmak tölegi bardyr, we ol bolsa, bir goýunyň damagyny çalyp, Mekgäň garyp ýaşaýjylaryna paýlamalydyr.
Ikinji bap: Hajyň rükünleri we wäjipleri Bu bolsa iki meseläni içine alýar:
Birinji mesele: Hajyň rükünleri:
Hajyň rükünleri, dört sanydyr, olar:
1- Ihrama girmek: bu bolsa, haja niýet etmek we oňa gönükmekdir.
Çünki haj, bütinligine ybdatdyr, şunlukda, bütin musulmanlaryň ylalaşmagynda, niýet etmesiz, amal kabul bolmaýar, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- hadysy muňa esas delildir: “Çünki her bir amal niýete görädir”[1], niýetiň bolmaly ýeri ýürekdir, ýöne haj edeniňde, haýsy görnüşli hajy edýänligiňi agzap, diliň bilen aýtmaklyk, has gowydyr, çünki muňa, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- edenligi barada delil bardyr.
2- Arafatda wakfe (ýörite durma ýerinde) bolmak: munyň rükündigine, bütin alymlaryň ijmäsy bardyr, muňa delil, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Haj, arafada durmakdyr”2, durmaklygyň wagty: arafat gününiň, öýle wagtyndan, tä damak çalynýan güniň, fajirine çenlidir.
3- Käbä, ziýarat towafyny etmek: muňa dolanyş towafy diýip atlandyrylýar, sebäbi ony, arafadan mekgä dolananyňda edýärsiň, we ýene-de parz topagy hem diýilýär, munyň rükündigine, bütin alymlaryň ijmäsy bardyr, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Soň kir-kimirlerinden dynsynlar, aýdan janlylaryny bersinler we Gadym Öýi (Käbäni) towaf etsinler” Haj: 29.
4- Sofa we merwäň arasyndan, saý etmek: bu hem rükündir. Muňa delil, Aýşa –Alla ondan razy bolsun- öz hadysynda şeýle diýýär: “Alla tagala, haj we umre edeniň amalyny kabul etmeýär, tä safa we merwäň aralygynda, topag (saý) etmese”[1], we-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýen: “Saý ediň (safa we merwäň aralygynda), çünki Alla tagala saý etmekligi, size parz edendir”[2].
Şu agzalan rükünler edilmese, hajyň bitýän däldir, kim-de kim haýsyda bolsa birini taşlasa, hajy bitýän däldir, tä şony edýänçä.
Ikinji mesele: Hajyň wajyplary:
1- Şerigat tarapyndan çäklendirilen ýerlerde, ihrama girmek.
2- Arafada günnizine gelenler, gün ýaşynça, arafada galmaklyk, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- gün ýaşynça, arafada durandyr –bu barada, birazdan ýörite açyklama gelýär- , şonda şeýle diýýär: “Menden, hajyň edilşini ögreniň”.
3- Damak çalynýan gijesi, müzdelifede, ýarty gijä çenli galmak, eger şondan öň gelen bolsa, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- edenligi, muňa delildir.
4- Teşryk güleri, gije-gündizine minäde galmak.
5- Üç ýere, tertip bilen daş oklamak.
6- Saçy syrmak ýä-da kiçeltmek, muňa delil Alla tagala şeýle diýýär: “…saçlaryňyzy syrdyryp we gysgaldyp…”, we ýene-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- ony edip, başgalara hem emir edenligi, muňa delildir.
7- Aýbaşyly we kyrk çileli maşgalalardan galany, hoşlaşyk towafyny etmek, çünki muňa, ibni Abbasyň –Alla olardan razy bolsun- hadysy delildir: “Adamlara, hajyň soňynda, hoşlaşyk towafyny etmeklik emir edildi, ýöne şolardan aýbaşyly bolanlara, şerigat tarapyndan, towaf etmezlige rugsat berildi”[3].
Eger kim-de kim, şol wajyplardan, haýsyda bolsa birini, bilip durup ýa-da ýatdan çykaryp taşlasa, onda ol, damak çalmak tölegi bilen, hajyny tamamlap bilýandir, çünki bu barada, ibni Abbas –Alla olardan razy bolsun- şeýle diýýär:
“kim-de kim hajyndan bir zady ýatdan çykarsa ýa-da taşlasa, onda ol, damak çalma tölegini etsin”[1].
Ýokardaky agzalan amallardan başgasy, sünnetdir.
Şol sünnetleň, iň esaslylary:
1- Ihram üçin ýuwunmak we atyrlanmak, we üti-aşagy ak bolan, ýörite ihram eşigini geýmek.
2- Dyrnagyňy artmak, goltugyň we owrat ýerleň, gyllaryny syrmak, murtyňy kiçeltmek we başga gerekli bolan zatlaňňy etmek.
3- Mufrad we koryn görnüşli haj edýänler, geliş (kudum) towafyny etmek.
4- Geliş (kudum) towafynda, birden üçe çenli aýlananyňda, haýdap ýöremeklik.
5- Geliş (kudum) towafynda, ihram eşiginiň ýokarky bölegini, çep egniň üstünden geçirip, sag eliň goltugyndan geçirip, çep egniňde goýmak.
6- Arafa gijesi (sekizi gijesi), minäde galmak.
7- Ihram geýeniňden, tä birinji daş syňylşyga çenli, telbiýe (Lebbeýk, Allahümme lebbeýk,…) aýtmak.
8- Müzdelifede, agaşam namazy bilen ýassy namazy, agşam namazynyň wagtynda, jemläp okamak.
9- Müzdelifedäki “meşgaryl haram” diýilýän ýerde, fejirden gün dogynja, başarsaň müzdelifede galmak, bolmasa müzdelifäň nirsinde bolanyňda-da, bolýandyr.
Üçünji bap: Ihramy geýeniňdan soňra etmelidäl zatlar, damak çalmak tölegi we gurbanlyk damagy.
Bu bolsa aşakdaky meselelerden ybaratdyr:
Birinji mesele: Ihramy geýeniňdan soňra etmelidäl zatlar:
Bu bolsa, şerigat tarapyndan, ihramy geýen adamyň etmelidäl zatlarydyr, we olar dokuz sanydyr:
1- Dikilen eşik geýmezlik, ýagny bedeniňi örtýän, balak, köýnek we ş.m dikilgi zatlary geýmezlik, diňe aşagyna örterýaly zat tapmasa, balak geýmeklige rugsady bardyr, we bu gadaganlyk, diňe erkek mäşgaladyr, emma aýal maşgala, ýüzörtgi we ellikden başga, näme islese geýip bilýändir, munuň doly açyklanşy täzeden agzalýar.
2- Bedenine we eşigine, atyr sepinmezlik, we-de öz islegiň bilen yslmazlyk, we ýerden bitýän ysly gülleri yslasa bolýandyr, we-de ysy bolmadyk, göze çalynýan kühili yllansa bolýar.
3- Saçyňy we dyrnagyňy aýyrmazlyk, bu höküm, erkege we aýala degişlidir, we-de kelläni ýuwaşlyk bilen ýuwsa bolýandyr, we eger dyrnagy döwülse, aýyryp bilýändir.
4- Kelläňi örtmezlik, we oňa çadyryň we gagyň kölekesinde, kölekelense bolýandyr.
We gerekli halatda, zontyk ullansa bolýandyr, we aýal maşgala, ýüzüni örtmeklik gadagandyr, we nä-tanyş erkekleriň bar wagtynda, ýüzüni örtmeklik, wajypdyr, we ellik geýmeklik hem, gadagandyr, şolardan başga, özüne mynasyp bolan, islän zadyny geýip biler.
Kim-de kim bilmezden, ýa-da ýatdan çykaryp, ýa-da zorlyk astynda, atyr sepinse, ýa-da kellesini örtse, ýa-da dikilgi eşik geýse, hiç bir zeperi ýokdyr, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýen:
“Ymmatymyň üstünden, ýalňyşlygy, ýatdan çykarmaklygy we sorluk astynda etdirilmekligi, günäsini aýyrlandyr”.
Haçanda hökümini bilmeýän, bilen wagtynda, ýa-da ýadyna salanda, ýa-da zorlyk üstünden aýyrlanda, gadagan edilen zatlardan, dowam etmezden, desine saklanmalydyr.
5- Özüne we başgalara, nika gymazlyk.
6- Maşgalasy bilen jynsy gatnaşygyny etmezlik, we bu bolsa, hajyň birinji bitirlişigindan öň edilse, hatda arafada duran hem bolsa, hajy dübünden pozýandyr.
7- Maşgalasy bilen jynsy gatnaşygyny etmesede, oňa ýakynlaşmazlyk, we muny edeniň, hajy pozulýan däldir, we edil şolar ýalak hem ogşamaklyk, ellemeklik we şähwediň bilen seretmeklik, hajy pozýan däldir.
8- Düzdäki haýwanlary öldürmezlik we ony awlamazlyk, we Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- öldürmeklige emir eden, bäş görnüşli haýwany, haram etrabynda bolsun, ýa başga ýerde, ihram eşigini geýen bolsun, ýä geýmedik adam, şol haýwanlary öldürmeklige rugsady bardyr, we olar bolsa: garga, syçan, leňňeç, bürgüt, ýylan we dişlegen it.
Düzdäki haýwanlary, öldürmeklige yşarat edip we haýsy görnüşli bolsun, kömek hem bermeli däldir, we-de aw edilip öldürlen haýwanyň etini hem iýmeklik bolýan däldir.
9- Haram etrabyndaky, seper bermeýan baglary we gök ösümliklere degmeli däldir, we ýoluňa myşaýyt berýän, şahalary aýyrmaklyga rugsat bardyr, we-de bulardan, sünmek ýaprakly ösümlik we adamlaryň elleri bilen eken zatlary, bütin alymlary ylalaşmagynda, ýokardaky hökümi içine alýan däldir. …
Doly kitaby göçürip al: PDF (548 KB) – DOCX (445 KB)