Dört ymamyň akydasy: Bu kitapda dört ymamyň -Ebu Hanife, Mälik, Şafygy we Ahmet ibn Hanbel-iň -Alla olara rehmet etsin- akydalary beýan edilýär.
Çünki olaryň akydalary Kuran we sünnete, sahabalaryň we tabygynlaryň ýagşylyk bilen ýörän ýollaryna gabat gelýändir.
Allaha hamd-u senalar bolsun! Çünki olar diniň asyl kadalarynda birdirler, megerem olar Alla tagalanyň at-sypatlary meselesinde, Kuran Allanyň kelamydygyna (sözüdigine) bir agyzdan ylalaşandyrlar.
Ýene-de olar imanyň hökman dil we kalp bilen tassyklanmagynyň wäjipdigine ylalaşandyrlar.
Çünki olar Grek pelsepelerinden täsirlenen, jähmiýýe we başga taýpalara inkär edendirler.
Sözbaşy
Ähli hamdu-senä diňe Allahadyr! Oňa hamd aýdýarys, Ondan ýardam we magfyret (bagyşlanmak) soraýarys!
Nebislerimiziň şerinden we ýaman amallarymyzdan Ondan pena soraýarys! Alla kime hidaýet etse (ýagny, ony dogry ýola salsa), ony ýoldan azaşdyrjak ýokdur! We kimi azaşdyrsa, ony dogry ýola saljak hem ýokdur!
Alladan başga ybadata mynasyp, hiç bir ilähiň ýokdugyna şaýatlyk edýärin! Ol ýeketäkdir we Onuň şärigi hem ýokdur!
We Muhammediň-sallallahu aleýhi we sellemiň- Onuň bendesi we resulydygyna (pygamberidigine) şaýatlyk edýärin!
«Eý iman edenler! Alladan çyn gorky bilen gorkyň we diňe musulman bolup dünýäden ötüň”. (Äli-Ymran:102).
«Eý ynsanlar! Sizi bir nefisden (ýagny, bir jandan, Adamdan) ýaradan we ondan hem jübütini (ýagny, aýalyny) ýaradan, şeýle hem ol ikisinden ençe erkekler we zenanlar ýaýradan Rebbiňizden gorkyň. Alladan gorkyň, siz Onuň adyny agzap biri-biriňizden dilegçilik edýärsiňiz, garyndaşlyk hukugyny äsgermezlikden hem ägä boluň. Alla siziň üstüňizde gözegçidir”. (Nisa:1).
«Eý iman edenler! Alladan gorkyň we dogry söz sözläň. Şonda Alla işleriňizi düzelder we günäleriňizi bagyşlar. Kim Alla we Onuň resulyna boýun bolsa onda ol uly bir utyş gazanar».(Ahzap:70-71).
Hakykatda sözleriň iň dogrysy Allanyň kelamy, ýollaryň iň ýagşysy hem Muhammediň-sallallahu aleýhi we sellemiňýolydyr.
Amallaryň iň ýamany bolsa täze toslanyp tapylanydyr. Täze toslanyp tapylan her amal bidgat, her bidgat zalalat (ýagny, ýoldan çykmaklyk), her zalalat bolsa Jähennemdedir.
BIRINJI BÖLÜM
Iman meselesinden başga, akyda meselelerinde dört ymam mezhebleriniň ynançlarynyň birdiginiň beýany
Dört mezheb ymamlary – Ymam Ebu – hanifa, Ymam Mälik, Şärigi, we Ahmet – dagylaryň akydalary, Kuran we Hadysa deň gelen, sahabalaryň we olara haýyrda eýeren tabigynleriň ygtykady (akydasy, ynanjy) ýalydyr.
Bularyň arasynda – Alla tagala öwgi-hamdlar bolsun – akyda meselesinde düşünüşmezlik ýokdur, gaýta tersine olar Allanyň sypatlaryna iman etmekde, Kuran Allanyň sözüdigine we onuň ýaradylan (mahluk) däldigine, we iman hem kalpda we ony diliň tassyk etmesi bilen bolýandygyny bir agyzdan ylalaşandyrlar.
Olar kelamçylara1 we grek pelsepesinden täsirlenen jähmilere we başgalary inkär edip olara berk gaýtawul berendirler.
Ibn Teýmiýýe2 aýtdy: “…Ýöne Allanyň bendelerine eden rehmedi bilen, dört ymam we başga-da bu ymmatyň dogry sözli ymamlary, kelamçylardan (pelsepeçilerden) bolan «jähmileriň» Kuran barada, iman we Allanyň sypatlary barada aýdan sözlerini inkär edýändirler. Olar selefleriň3 ynanyşy ýaly Allanyň ahyretde görülýändigini, Kuran Allanyň sözüdigini – onuň mahluk däldigini, we imanda ýüregiň we diliň tassyk etmelidigine bir agyzdan ylalaşandyrlar».[1]
Ibn Teýmiýýe aýtdy: «Meşhur ymamlaryň ählisi, Alla tagalanyň sypatlaryny ykrar edip şeýle diýdiler: «Kurany-Kerim Allanyň sözüdir, mahluk (ýaradylan) däldir, we Alla tagala ahyretde görülýändir, bu sahabalaryň we olara haýrda eýeren tabigynlaryň, ähli-beýtiň we ýene-de Mälik ibn Enes,es-Sewriý, Leýs ibn Sa’d, El-Ewzagyý, Ebu-Hanifa, Şäfigi, we Ahmet ýaly olara eýeren ymamlaryň mezhebidir».[2]
Şeýhul-Yslam ibn Teýmiýýe ymam Şafygynyň ygtykady barada soralanda şeýle jogap berýär:
«Ymam Şafygy, we ymam Mälik, es-sewriý, El-Ewzagyý, Ibnul-Mubärek, Ahmet ibn Hanbel, we Ishak ibn Rohaweýh ýaly ymmatyň ilkinji musulmanlarynyň ygtykady, Fudeýl ibn Iýad, Ebu-Süleýman ed-Daraniý, Sahl ibn Abdullah et-Tesetturiý we beýlekiler ýaly görelde alynýan ymamlaryň ygtykady (ynanjy, akydasy) ýalydyr. Çünki bu ymamlaryň arasynda diniň asyl (akyda, ynanç) meselelerinde hiç-hili bölünişik ýokdur. Edil şunuň ýaly hem Ebu-Hanifanyň hem: Töwhid, takdyr (ýazgyt) we ş.m… baradaky akydasy şu ymamlaryň ygtykady ýalydyr. Bu ymamlaryň akydasy hem sahabalar we olara haýyrda eýeren tabigynlaryň bolan zatlary ýalydyr, olary hem Kuran we Sünnet ykrar edendir».[3]
Uly alym Syddyk Hasan Han hem şuny saýlandyr: «Biziň mezhebimiz, selefiň (irki musulmanlaryň) mezhebi bolup, Allanyň sypatlaryny meňzetmesiz kabul etmekdir we (ol gözler atlarynyň manylaryny) boşa çykarmasyzdan päkleýandiris. Ine şu-da yslam ymamlary Mälik, Şafygy, es – Sawriý, ibnul-Mübärek we ymam Ahmet we başgalaryň mezhebidir.
Çünki bu ymamlaryň arasynda diniň asyl (akyda, ynanç) meselelerinde hiç-hili bölünişik ýokdur. Edil şunuň ýaly hem Ebu-Hanifanyň hem: Töwhid, takdyr (ýazgyt) we ş.m… baradaky akydasy şu ymamlaryň ygtykady ýalydyr. Bu ymamlaryň akydasy hem sahabalar we olara haýyrda eýeren tabigynlaryň bolan zatlary ýalydyr, olary hem Kuran we Sünnet ykrar edendir».[1]
Aşakda Ebu-Hanifa, Mälik, Şafygy we Ahmet ibn Hanbel ýaly görelde tutulyp eýerilen ymamlaryň diniň esaslaryna degişli meselelerde edýän ygtykatlarynyň we kelamçylara (pelsepeçilere) garşy durumlary baradaky birnäçe sözlerini ýetirmekçi.
IKINJI BÖLÜM
Ymam Ebu Hanifanyň -Alla oňa rehim etsin- akydasy
Ymam Ebu Hanifanyň töwhid barada aýdan sözleri:
Birinji: Allany birlemek baradaky akydasy (ynanjy), şergy1 tewessulyň2 beýany we bidgaty3 tewessulyň bolmaýanlygy hakyndaky akydasy.
1) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Allanyň adyndan başga bir at bilen Oňa doga-dileg etmek bolýan däldir. Çünki (dinde) rugsat berilen we buýrulan doga-dileg, Alla tagalanyň şu sözünden alynandyr: “Iň gözel atlar Allanyňkydyr‚ şeýle bolsa, bu atlar bilen Oňa dileg-doga ediň (ýalbaryň)! Onuň ady babatda hakdan azaşanlary terk ediň! Olar edenleriniň jezasyny çekerler” (Agraf:180).[4]
2) Ebu Hanifa aýtdy: “Pylanynyň haky bilen ýa pygamberleriň, resullaryň haky üçin ýa-da Käbäniň we Meş’aril-Haramyň (Muzdelifäniň) haky üçin soraýaryn» diýmeklik ýigrenilýär”.[5]
3) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Alladan başga hiç bir zadyň adyndan doga-dileg edilmeli däldir, «Seniň Arşyň beýikliginiň hormatyna» ýa «Seniň ýaradan mahluklaryň haky üçin» diýip dileseler ýigrenýärin».[6]
Ikinjisi: Allanyň sypatlaryny ykrar edip, jähmilere gaýtargy berişi:
4) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Alla tagala mahlukatlaryň sypatlary bilen sypatlandyrylmaly däldir, «Nähili» diýen sorag berilmesi Onuň gazaby, razylygy Onuň sypatlaryndan-dyr, ine şu ähli sünnet we jemagatyň akydasydyr. Allanyň gahary hem gelýändir we razy hem bolýandyr. Ýöne: «Onuň gahary – jeza bermekligi, razylygy bolsa, berjek sogabydyr» diýmeris. Ol Özüni: «Ahat (ýeketäk), es-Samad (ähli hajatlar soralýan, we Ol hiç kime mätäç däl), dogurmadyk we dogulmadyk. Onuň deňi-taýy ýok. Ol diri, kadyr (ähli zady başarýar), her bir zady eşidýär, her bir zady görýär, her bir zady bilýär. Allanyň eli olaryň elleriniň üstündedir, Onuň eli mahlukatlaryň eli ýaly däldir, Onuň ýüzi heaýtdym mahlukatlaryň ýüzi ýaly däldir” diýen şekilde nähili nähili wasp eden bolsa, biz hem Ony edil şonuň ýaly wasp edýäris.[1]
5) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Alla tagalanyň Kuranyda ýatlap geçişi ýaly, Onuň eli, ýüzi, nebsi (Özi) bardyr. Allanyň Kuranda ýatlap geçen ýüz, el, nebs (Özi) ýaly sypatlary, «Nähili» sorag berilmesizden onuň hakyky sypatlarydyr. We: «Onuň eli – Onuň gudraty (güýji, başarjaňlygy) ýa-da nygmaty» diýilmez. Beýle diýmeklik, Onuň sypatyny ibtal etmeklikdir (boşa çykarmaklykdyr, inkär etmeklikdir), bu bolsa (azaşan akymlardan bolan) «Kadariýýeleriň» we «Mu’tezile-leriň» garaýşydyr.[1]
6) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Hiç kim özüçe Alla tagala hakynda hiç söz aýtmaly däldir, gaýta, Allanyň Özi – Özüni sypatlandyrandyryşy ýaly sypatlandyrmalydyr. Öz oý – pikirine görä Ol barada hiç zat gürlemeli däldir. Älemleriň Rebbi bolan Alla aýyplardan päkdir, beýikdir we haýry köpdür.[2]
7) Haçanda Ebu-Hanifa Allanyň asmandan ýere inişi barada soralanda ol: «Inýändir! Ýöne «Nähili» diýmeýäris» diýip jogap berýär.[3]
8) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Doga-dileg edilende ýokardan soralýar, aşakdan soralýan däldir, çünki aşaklyk Reblik we ylahlyk sypatyndan däldir».[4]
9) Ebu Hanifa aýtdy: «Allanyň gahary hem gelýändir we razy hem bolýandyr. Ýöne: «Onuň gahary – jeza bermekligi, razylygy bolsa, berjek sogabydyr» diýmeris.[5]
10) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Ol Öz ýaradan zatlarynyň hiç-haýsyna meňzeýän däldir, we mahluklardan (ýaradylanlar-dan) hem hiç zat Oňa meňzeş däldir, ol ebedi-ezeli sypatyndadyr».[6]
11) Ebu Hanifa aýtdy: «Onuň sypatlary mahlukatlaryň sypatyndan gaýry sypatdyr. Allanyň ylmy biziň ylmymyz ýaly däldir, Gudraty (güýji, başarjaňlygy) biziň güýjimiz ýaly däldir, görşi biziň görşimiz ýaly däldir, eşidişi biziň eşidişimiz ýaly däldir, we sözleýşi biziň sözleýşimiz ýaly däldir».[1]
12) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Alla mahlukatlaryň sypatlary bilen sypatlandyrylmaýar».[2]
13) Ebu Hanifa aýtdy: «Kim Allany adamlaryň sypatlarynyň bir sypaty bilen sypatlandyrsa, ol kapyrdyr».[3]
14) Ebu Hanifa aýtdy: «Onuň sypatlary:
1 – Zäti (ýagny, Özünde bar sypaty, Özi bilen bagly) sypaty.
2 – Işlik sypaty (işleri bilen bagly sypaty).
Zäti sypatyna mysal: dirilik, güýç-başarjaňlyk, ylym, kelam (gürlemek), eşidiş, görüş, isleg.
Işlik sypatyna mysal: ýaratmak, rysklandyrmak, bedeni-ruhy terbiýe berip ýetişdirmek, döretmek, ýasamak – şekil bermekdir. We başga-da birnäçe işlik sypatlarynyň ezeli we ebedi eýesidir.[4]
15) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Alla tagala häli-häzir Öz işini edijidir we iş etmeklik Onuň ozaldan bäri sypatydyr. Iş ediji Alla tagaladyr, we iş etmeklik Onuň ozaldan bäri sypatydyr, edilen iş bolsa mahlukdyr (ýaradylandyr) we Alla tagalanyň iş edijilik sypaty mahluk däldir».[5]
16) Ebu Hanifa aýtdy: «Kim: «Rebbim asmandadygyny ýa-da ýerdedigini bilmeýärin» diýse, ol kapyrdyr, şeýle hem:
«Alla Arşyň üstündedir, ýöne Arş asmanda-dygyny ýa-da ýerde-digini bilmeýärin» diýse, ol kapyrdyr».[1]
17) Ondan, «Ybadat edýän ylahyň nirede?» diýip soran aýala: «Alla subhanahu we tagala ýerde dälde, asmada-dyr» diýende, oňa bir erkek adam: «Alla tagalanyň: «we Ol siziň bilen – biledir» diýen sözi barada näme diýersiň?» diýende,2 Ol: «Bu seniň ýanyňda bolmadyk adamyňa: «Men seniň bilendirin» diýip hat ýazyp hem, seniň ondan daşdalygyň ýalydyr.
18) Ebu Hanifa aýtdy: «Allanyň eli olaryň elleriniň üstündedir,ýöne Onuň eli mahlukatlaryň elleri ýaly däldir».[3]
19) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Takyk, Alla tagala ýerde däl-de asmanda-dyr» diýende, oňa bir erkek adam: «Alla tagalanyň: «we Ol siziň bilen – biledir» diýen sözi barada näme diýersiň?» diýende, Ol: «Bu seniň ýanyňda bolmadyk adamyňa: «Men seniň bilendirin» diýip hat ýazyp hem, seniň ondan daşdalygyň ýalydyr.[4]
20) Ebu Hanifa aýtdy: «(Musa pygamber bilen duşuşykda) Hut Onuň Özi gürländir, we Onuň gürlän kelamy, Musa aleýhys-salamyň kelamy däldi».[5]
21) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Onuň Özi kelam bilen gürlär. Kelam Onuň ozaldan bolan sypatydyr».[6]
22) Ebu Hanifa aýtdy: «Ol Alla gürleýändir, ýöne gürleýşi biziňki ýaly däldir».[1]
23) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Musa Allanyň kelamyny eşidendir».
Alla tagala aýtdy: «Alla Musa bilen göni (araçysyz) gürleşendir». Alla Musa bilen gürleşmezinden öň hem gürleýändir».[2]
24) Ebu Hanifa aýtdy: «Kurany-Kerim Allanyň kelamydyr (ýagny, mahluk däldir), sahypalara ýazylandyr, kalplarda ýat tutulyp saklanandyr, dillerde okalandyr, we Muhammet- sallallahu aleýhi weselleme – inendir».[3]
25) Ymam Ebu Hanifa aýtdy: «Kurany-Kerim mahluk däldir (ýaradylan däldir)».[4] …
Doly kitaby göçürip al: PDF (820 KB) – DOCX (629 KB)